Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy Balkanda geçiriler

  • 12.04.2022 09:46
  • 6.5k+

Türkmenistanda şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň esasy dabaralary Balkan welaýatynda giňden guralar. Bu barada 11-nji aprelde geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Hususan-da, iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ýeri gelende nygtasak, Türkmen bedewiniň baýramy 1992-nji ýyldan bäri milli senenama laýyklykda, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäreleri ýurduň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýöne soňky ýyllardan bäri bu baýramçylygyň esasy çäreleri belli bir welaýatda geçirilýär. Meselem, 2020-nji ýylda Türkmenabat, 2021-nji ýylda Mary şäherleri Türkmen bedewiniň milli baýramynyň geçirilýän esasy ýeri boldy.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......