Chery Toyota Camry-niň bäsdeşi bilen tanyşdyrdy

  • 09.04.2022 16:46
  • 25k+

Chery kompaniýasy  Toyota Camry we Kia K5 bilen bäsdeşlik etjek täze flagman sedanynyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Arrizo 8 atly awtoulag Pekiniň awtosalonynda görkeziler.

Arrizo 8, özünden öňkülere garanda, has netijeli we tygşytly, täze ýangyç bilen işleýän, gibrid, elektriki we wodorod gurluşlary döretmegi meýilleşdirýän Chery 4.0 tehnologiýa maksatnamasynyň çäklerinde goýberiler. Şunlukda, içinden ot alýan hereketlendirijileriň termiki peýdaly hereket koefsiýenti (PHK) 45%-e ýetýär, gibridler üçin ýangyjyň sarp edilişi 95-e çenli peselýär.
Sedan Arrizo 8-iň radiatorynyň gözenegi Lexus-yň stilinde ik görnüşli şekili alar, şeýle özboluşly yşyklandyryşa eýe bolar. Awtoulagyň on sany howpsuzlyk ýassygy, proeksiýa displeýi, hersiniň diagonaly 12,3 dýum bolan iki sany ekrany we oturgyçlary Mercedes awtoulagynyňky ýaly, dolandyryş düwmeleri gapyda ýerleşen elektropriwodly bolar. Çep stoýkadaky kameranyň gözjagazy adamlaryň ýüzüni tanamaga we sürüjiniň ýadawlygynyň derejesine gözegçilik etmäge hyzmat eder. 
Tehniki häsiýetnamasy baradaky jikme-jiklikler barada soň goşmaça aýdylar.


21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......