Meta öz wirtual walýutasyny döretmek isleýär

  • 09.04.2022 09:09
  • 25k+

Meta kompaniýasynyň maliýe bölümçesi “metaälem” üçin kompaniýanyň içindäki işgärler tarapyndan Zuck Bucks diýlip atlandyrylan wirtual walýutasyny döretmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, “Financial Times” neşiri ýazýar. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Meta alternatiw girdeji çeşmelerini we kompaniýanyň Facebook hem-de Instagram ýaly esasy programmalarynyň meşhurlygynyň peselýändigi sebäpli ulanyjylary özüne çekip we saklap biljek täze funksiýalary gözleýär. 
Neşiriň belleýşi ýaly, Zuck Bucks blokçeýnde esaslandyrylan kriptowalýuta bolmasa gerek. Meta öz programmalaryna kompaniýa tarapyndan gözegçilikde saklap boljak NFT-tokenlerini ornaşdyrmaga çalyşýar. Bu tokenler oýun programmalarynda ulanylýanlara meňzeş bolar. Mysal üçin, Roblox onlaýn oýnundan Robux walýutasy. 
Şeýle-de, kompaniýa ulanyjylaryň Facebook-yň ösüşine goşan goşandy üçin sylag hökmünde alyp biljek “sosial tokenler” ýa-da “abraý tokenleri” diýlip atlandyrylýan tokenleri döredip biler. 
Çeşmeleriň habar bermegine görä, häzirki wagtda bu başlangyç maslahatlaşmagyň irki tapgyryndadyr.
Meta maý aýynyň ortalarynda Facebook-da NFT-tokenlerini ýerleşdirmek we alyş-çalyş etmek boýunça synag taslamasyny işe girizmegi meýilleşdirýär diýlip, materialda aýdylýar.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

05.05.2026 15:24
997

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....