Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen telefon arkaly gürleşdi

  • 09.04.2022 00:56
  • 26k+

8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin birek-biregi  Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutladylar.
Şeýle hem iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleler we sebit görnüşlerinde, şol sanda Hazar bäşliginiň çäginde özara gatnaşyklaryň geljegi ara alyp maslahatlaşdylar. Russiýa-Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de has-da pugtalandyrmak babatda ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Russiýa sapar bilen çagyrdy. Çakylyk uly kanagatlanma bilen kabul edildi.


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
695

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......