ESPN «Mançester Ýunaýted-iň» täze baş tälimçisiniň adyny aýtdy

  • 07.04.2022 11:41
  • 10k+

Niderlandly Erik ten Hag tomus «Mançester Ýunaýtediň» täze baş tälimçisi bolar. Bu barada öz çeşmelerine salgylanýan ESPN ýazýar.

«Mançester Ýunaýtediň» ýolbaşçylygy möwsümiň tamamlanmagy bilen topardan gitjek, nemes Ralf Rangnikiň deregine «Aýaksyň» 52 ýaşly tälimçisini saýlady. Mart aýynda ten Hag iňlis klubunda gürrüňdeşlikde boldy.
Maurisio Poçettino (PSŽ), Luis Enrike (Ispaniýanyň ýygyndysy) we Ýulen Lopetegi («Sewilýa») dagy bilen bilelikde Ten Hag MÝ-nyň täze baş tälimçisiniň wezipesine dalaşgärleriň gysga sanawyna girýärdi.
Ten Hagyň «Aýaks» bilen şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Niderlandly hünärmen klubuň baş tälimçisiniň wezipesini 2017-nji ýylyň 28-nji dekabryndan bäri eýeleýär. Hünärmen ozal niderlandlaryň «Utreht»-ine we «Gou Ehed Igls»-ine, şeýle-de, «Bawariýanyň» ikinji toparyna tälimçilik edipdi.
2018/19 we 2020/21 möwsümlerde «Aýaks» onuň ýolbaşçylygynda Niderlandlaryň çempionatyny utdy we ýurduň Kubogyna eýe boldy. Mundan hem başga, amsterdamly klub 2018/19 möwsümde Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çenli baryp ýetdi.
Rangnik geçen ýylyň noýabrynda, Ule Gunnar Sulşeriň ornuna, MÝ-nyň baş tälimçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji boldy. Klub 30 oýunda 51 utuk toplap, Angliýanyň çempionatynda ýedinji ýeri eýeleýär. MÝ Çempionlar ligasynda «Atletiko»-dan ýeňilip, 1/8 finaldan gaýtdy.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....