Benzemanyň het-trigi «Reala» «Çelsini» ýeňmäge kömek etdi

  • 07.04.2022 05:51
  • 9.8k+

Londonyň «Çelsi» futbol kluby UEFA Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň birinji duşuşygynda öz meýdançasynda Madridiň «Realyndan» asgyn geldi.

Duşuşyk «Realyň» peýdasyna 1:3 hasabynda tamamlandy. Madridiň klubundan Karim Benzema het-trik etdi (21, 24 we 46-njy minut). «Çelsiden» ýeke-täk goly Kaý Hawerts (40) geçirdi.
Benzema Çempionlar ligasynda yzly-yzyna ikinji het-trigini etmegi başardy. Hüjümçi 9-njy martda ÇL-niň 1/8 final tapgyrynyň jogap duşuşygynda «PSŽ-niň» derwezesine hem 3 gol geçiripdi (3:1). 
Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygy 12-nji aprelde «Realyň» meýdançasynda geçiriler.


düýn 13:18
5.9k+

Ähli zat Bangkokda çözüler: Türkmenistan we Tailand Aziýa Kubogy üçin ýollama ugrunda göreşer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama ýaryşynyň «D» toparçasynyň oýnunda Tailand bilen duşuşmaga taýýarlanýar. Garşydaşlar bu aýgytlaýjy duşuşyga deň netije bilen — bäş......

düýn 10:58
2.5k+

«Tottenhem» bir ýylyň içinde eýýäm üçünji tälimçisini işden boşatdy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby baş tälimçi Igor Tudoryň wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu baradaky habar klubuň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda çap edildi....

düýn 09:39
4.5k+

Insaýder: Ýurgen Klopp tomusda «Real Madride» ýolbaşçylyk eder

Germaniýaly tälimçi Ýurgen Klopp şu möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» toparyna ýolbaşçylyk edip biler. Bu barada fransiýaly žurnalist Fransua Galýardo habar berýär....

29.03.2026 15:26
2.9k+

AFK 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň bije çekişlik dabarasyny yza süýşürdi

Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň bije çekişlik dabarasyny näbelli möhlete geçirdi. Aslynda bu çäre 2026-njy ýylyň 11-nji......