AnTuTu 2022-nji ýylyň mart aýy üçin Apple-iň iň kuwwatly gurluşlarynyň onlugyny düzdi

  • 06.04.2022 09:52
  • 5.9k+

AnTuTu bençmarkynyň hünärmenleri şu ýylyň mart aýy üçin synaglaryň netijeleri esasynda Apple kompaniýasynyň iň kuwwatly gurluşlarynyň reýtingini taýýarladylar. Neşir edilen onlukda ilkinji üç orny Apple M1 prosessorynyň esasynda işleýän gurluşlar eýeleýär, birinji orunda bolsa iPad Pro 5 ýerleşýär. Bu barada astera.ru habar berýär.

Täze iPad Air 5 üçünji orny eýeledi, iPhone 13 Pro Max bolsa bäşinji orunda ýerleşdi. Amerikan kompaniýasynyň täze önümleri synaglaryň netijesine görä, 1 milliondan ýokary bal aldylar. Qualcomm, MediaTek bilen deňeşdirilende, täze Apple M1 prosessory iň kuwwatlysy boldy, şol sanda ol iPhone 13 Pro Max-daky A15-den hem güýçli bolup çykdy.

Ýöne häzirlikçe bu çip diňe kompaniýanyň planşetlerinde elýeterlidir. Reýting şeýle görnüşde:

  1. iPad Pro 5 (12,9 dýuým ekranly)
  2. iPad Pro 5 (11 dýuým ekranly) 
  3. iPad Air 5
  4. iPad Pro 3 (12,9 dýuým)
  5. iPhone 13 Pro Max
  6. iPhone 13 Pro
  7. iPad Pro 4 (12,9 dýuým)
  8. iPad Pro 4 (11 dýuým)
  9. iPad mini 6
  10. iPad Pro 3 (11 dýuým)

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...