Porsche Ýewropadan daşarda ilkinji zawodyny açdy

  • 04.04.2022 16:11
  • 11k+

Porsche kompaniýasy häzire çenli ähli awtomobillerini Ýewropada öndürýärdi. Germaniýadan başga-da awtoulaglar Slowakiýada hem çykarylýar. Öň iki orunlyk Porsche Boxster awtoulagy Finlýandiýa-da ýygnalýardy. Indi bolsa Porsche-niň Ýewropadan daşary ilkinji zawody peýda boldy we ol kompaniýa üçin esasy bazara öwrülen Hytaýda ýerleşdirilmedi. Porsche Cayenne krossowerleri 28-nji martdan bäri Malaýziýada ýygnalýar.  

Ýerli hyzmatdaş Sime Darby söwda konglomeraty boldy. Kulim şäherinde (ýurduň günbatar böleginde ýerleşýär) bilelikdäki zawodyň gurluşygy 2020-nji ýylyň dekabr aýynda başlandy. Bu ýerde kebşirleýiş we boýag sehleri ýok, ýygnama işleri häzirlikçe uly bölekleri ýygnama usuly bilen alnyp barylýar, ýöne esasy bölekleriň köpüsi, şol sanda ZF konserninden öňki we yzky ok bölekleri hem-de Clarion-dan salon elementleri ýerli görnüşde öndürilýär. Şonuň netijesinde krossowerleriň bahasy 550 müň Malaýziýa ringgitinden ($130,6 müň) başlaýar, bu bolsa Ýewropadaky wersiýasy bilen deňeşdirilende 113 müň ringgit ($26,8 müň) azdyr. Önümçilik programmasy diňe V6 3.0 turbo hereketlendirijili (340 at güýji) esasy Cayenne krossowerini öz içine alýar, galan ähli wersiýalar öňküsi ýaly import ediler.
Ilkibaşda Malaýziýada ýygnalan awtoulaglar diňe içerki bazarda satylar. Soňrak olar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna iberilip başlanar.  


20.01.2026 13:20
10k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi...

14.01.2026 10:40
3.9k+

Huawei-iň sedany Hytaýyň premium awtoulag bazarynda Porsche, BMW we Maybach-dan öňe geçdi

Huawei we JAC tarapyndan bilelikde işlenip düzülen Maextro S800 sedany, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň netijelerine görä, bahasy 700 000 ýuandan (100 000 dollardan gowrak) ýokary bolan awtoulaglaryň arasynda Hytaýyň bazarynda birinji orny eýeledi...

08.01.2026 21:11
2.4k+

Volkswagen we Porsche kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar

ABŞ-da yzyny görkezýän kameranyň şekili bilen bagly näsazlyklar sebäpli Volkswagen Group konserniniň awtomobilleri giň gerimde yzyna gaýtarylýar. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň maglumatlaryna görä, programma ýalňyşlygy yzdaky zatlary görkezmekde bökdençliklere getirip biler, bu bolsa heläkçilik ýagdaýlarynyň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar...

18.12.2025 12:17
5.2k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...