18 ýaşly Karlos Alkaras Maýamide geçirilen “Mastersiň” ýeňijisi boldy

  • 04.04.2022 12:21
  • 4k+

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Maýamide geçirilen “Masters” seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Bu ýaryşyň baýrak gaznasy 8,5 million dollardan geçýär.

Ýaryşda 14-nji belgide ýerleşdirilen Alkaras finalda ýaryşyň altynjy raketkasy norwegiýaly Kasper Ruudy 7:5, 6:4 hasabynda utdy. Oýun 1 sagat 53 minut dowam etdi.
18 ýaşly Alkaras üçin bu “Masters” seriýasynyň ýaryşlarynda ilkinji titul boldy. Onuň hasabynda ýekelikde ATP-ýaryşynda  jemi üç baýragy bar. Ispaniýaly tennisçiler “Masters” seriýasynyň ýaryşlarynda rekord möçberde ýeňiş gazandylar (56), bu ýurduň 14 wekili, şol sanda Rafael Nadal ýaryşlaryň ýeňijileri boldular, bu hem rekord görkezijidir.  
Maýamide gazanan ýeňşi üçin Alkaras 1000 reýting utugyny we $1,231,245 möçberinde baýrak alar. Ýeri gelende bellesek, Alkaras taryhda Maýamidäki “Mastersiň” iň ýaş ýeňijisi boldy. 


22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......