Marokko Bütindünýä bankynyň we HPG-niň ýyllyk assambleýasyny kabul etmäge taýýar

  • 03.04.2022 13:46
  • 4.2k+

Marokko Bütindünýä bankynyň (BB) we Halkara pul gaznasynyň (HPG) ýyllyk assambleýasyny geçirmäge taýýar. Bu barada Maghreb Arab Press (MAP) habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Dubaýda patyşalygyň Ykdysadyýet, maliýe we administratiw özgertmeleri ministri Nadiýa Fattah Alýaui aýtdy. Muny TASS ýetirýär.

Ol HPG-niň dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa bilen duşuşdy. Taraplar 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Marrakeş şäherinde geçiriljek BB-niň we HPG-niň assambleýasyny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu çäre 2020-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilmelidi, ýöne koronawirus sebäpli yza süýşürildi.
BB-niň we HPG-niň assambleýalarynda adatça maliýe we ösüş ministrleri, merkezi banklaryň ýolbaşçylary, hususy pudagyň liderleri, raýat jemgyýetiniň we ylmy toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. Onda ykdysady perspektiwalar, global maliýe durnuklylygy, garyplygy ýok etmek, inklýuziw ykdysady ösüş, iş orunlaryny döretmek we howanyň üýtgemegi ýaly global meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.


28.02.2026 10:13
9.5k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler...

13.02.2026 15:34
4.7k+

Marrakeşde Türkmenistanyň gatnaşmagynda Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 11-13-nji fewraly aralygynda Marokko Patyşalygynyň Hökümetiniň we Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) guramagynda geçirilýän Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça altynjy bütindünýä maslahatyna gatnaşýar...

29.01.2026 13:01
1.8k+

Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi...

16.11.2025 18:25
1.9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rumyniýadan, Müsürden we Marokkodan kärdeşleri bilen jaňlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Hususan-da, Rumyniýanyň daşary işler ministri Oana Toýu, Müsür Arap Respublikasynyň...