Hindistan 2021-2022-nji maliýe ýylynda smartfon eksportyny 85% ýokarlandyrar

  • 31.03.2022 19:25
  • 6.2k+

Häzirki 2021-2022-nji maliýe ýylynda (31-nji martda tamamlanýar) Hindistanyň smartfon eksporty öňki ýyl bilen deňeşdirilende 85% ýokarlanar we 5,6 mlrd dollardan geçer. Bu barada Hindistanyň Öýjükli aragatnaşyk serişdelerini we elektron harytlaryny öndürijileriň assosiasiýasy (ICEA) habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“COVID-19 pandemiýasy sebäpli lokdaunlaryň, işçi güýjüniň azalmagynyň we daşary ýurtlardan toplumy düzüjileriň, şol sanda mikroshemalaryň we ýarym geçirijileriň üpjünçilik zynjyryndaky düýpli çökgünligiň fonunda eksportyň ösüşi gazanylar” – diýip, “Business Standard” gazeti Assosiasiýanyň ýolbaşçysy Pankaj Mahindrunyň sözlerini getirýär.

Öň Hindistan özüniň smartfon eksportyny Günorta Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Gündogar Ýewropanyň ýurtlaryna gönükdirdi. Häzirki wagtda bu önümleriň üpjünçiligi üçin günbatar ýurtlarynyň we Aziýanyň uly döwletleriniň bazarlary ileri tutulýar diýip, Mahindru aýtdy.

“Smartfon eksportynyň ösüşi Hindistanyň daşary ýurtlara çig mal harytlaryny satmakdan ösen senagat pudaklary tarapyndan öndürilen ýokary tehnologik önümleriň üpjünçiligine kem-kemden geçýändigini görkezýär” – diýip, ol belledi.

Hindistan smartfon çykarmak boýunça önümçilik bazasyny ýokarlandyrmak üçin Samsung, Foxconn we Pegatron ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.


18.06.2026 22:08
2.9k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......