Hindistan halkara howa gatnawlaryny dikeldýär

  • 29.03.2022 17:37
  • 11k+

Ýekşenbe güni  Nýu-Deli COVID-19 pandemiýasy sebäpli iki ýyl mundan öň arasy üzülen yzygiderli halkara howa gatnawlaryny dikeldenden soň, hindi we daşary ýurt awiakompaniýalaryna Hindistana we ondan uçmak üçin hepdede 3,2 müň töwerek halkara awiagatnawlary amala aşyrmaga rugsat berildi.

Bu barada Hindistanyň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginden alnan maglumata salgylanýan Press Trust of India habarlar agentligi habar berýär diýip, TASS-a salgylanýan Trend ýazýar.
Şol maglumatlara görä, alty sany hindi awiaýükdaşaýjylary üçin hepdede umumylykda 1 466 halkara gatnawy makullandy. Müdirligiň maglumatlaryna görä, olar 43 ugur boýunça 27 ýurda uçuşlary amala aşyryp bilerler. Mundan hem başga, 40 ýurduň 60 töweregi daşary ýurt awiakompaniýasy uçuşlaryň tomusky möwsüminde hepdede Hindistana we yzyna 1 783 uçuşy amala aşyrmaga ygtyýar aldylar. Uçuşlaryň tomusky rejesi 27 martdan 29 oktýabra çenli hereket edýär.
The Times of India gazetiniň ýekşenbe sanynda bellenişi ýaly, gatnawlaryň sany kem-kemden artdyrylar we şoňa görä biletleriň bahasy hem arzanlar.


16.06.2026 12:35
5.7k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....