Huawei-niň arassa girdejisi 2021-nji ýylda 75,9% ýokarlandy

  • 29.03.2022 17:38
  • 3k+

Hytaýyň Huawei kompaniýasy 2021-nji ýylda arassa girdejiniň rekord derejesini gazanmagy başardy – 113,7 mlrd ýuan (takmynan, $17,8 mlrd), bu bolsa 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 75,9% köpdür. Bu barada kompaniýanyň maliýe müdiri Men Wançžou metbugat konferensiýasynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Geçen ýyl kompaniýanyň umumy girdejisi ýyllyk aňlatmasynda 28,6% azalyp, 636,8 mlrd ýuan (takmynan, $100,1 mlrd) boldy. Şol bir wagtyň özünde 2021-nji ýylda Huawei hususy ylmy-tehniki işlere maýa goýumyny ep-esli artdyrdy, ol 142,7 mlrd ýuan (takmynan, $22,4 mlrd) bolup, kompaniýanyň umumy girdejisiniň 22,4%-ine deň boldy. Şeýlelik bilen, soňky hasabata görä, 2012-nji ýyldan bäri kompaniýanyň ylma we täze işlere maýa goýumy 845,6 mlrd ýuan ($132,9 mlrd) boldy.

2019-njy ýyldan bäri Huawei ABŞ tarapyndan girizilen sanksiýalar sebäpli basyşlara sezewar bolýar. Aýratynam, kompaniýanyň smartfon önümçiligi we satuwy bilen baglanyşykly biznesi zyýan çekdi, bu hem täze çipleriň üpjünçiliginiň bes edilmegi we amerikan tehnologiýalaryna elýeterliligiň petiklenmegi bilen baglanyşyklydyr.

2020-nji ýylda Huawei-niň arassa girdejisi 2019-njy ýyldaky görkezijiden 3,2% ýokary bolup, 64,6 mlrd ýuana (takmynan, $10,1 mlrd) ýetdi. Umumy satuw girdejisi ýyllyk aňlatmasynda 3,8% ýokarlanyp, 891,4 mlrd ýuan (takmynan, $139,4 mlrd) boldy. 


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....