Owganystan harytlarynyň ilkinji tapgyryny Ýewropa ugratdy

  • 29.03.2022 13:32
  • 13k+

Duşenbe güni Owganystan ýurtda «Taliban» Hereketi häkimiýete geçeli bäri, harytlarynyň ilkinji tapgyryny Ýewropa ugratdy. 30 töweregi ýük ulaglaryna arap we Ýewropa ýurtlary üçin niýetlenen harytlar ýüklenildi. Bu barada ýerli wezipeli adamyň sözlerine salgylanyp, Ariana News owgan teleýaýlymy habar berdi.

Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynyň Söwda-maýa goýum palatasynyň baştutanynyň sözlerine görä, ýük ulaglary Owganystany, Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany we Türkiýäni birleşdirýän «Lýapis-lazuli» ulag geçelgesiniň ugry boýunça gitdi. Pisseden, künjüden, tminden, halylardan we maňyzdan ybarat ýüküň umumy bahasy 5 million amerikan dollary möçberindedir.

Telestansiýanyň maglumatlaryna görä, harytlaryň bu tapgyry, ýurtda häkimiýet çalşanyndan soň, Owganystandan Ýewropa ugradylýan ilkinji eksportdyr.


05.06.2026 15:42
3.3k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
5.8k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......