Erkek adam bäş çagasy oturan araba bilen ylgap Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 29.03.2022 08:21
  • 19k+

Kaliforniýanyň ýarym marafonyndaky ylgawçy Çad Kempel Ginnesiň dünýä rekordyny goýdy, ol özüniň dört ýaşly bäş çagasyny arabada itekläp ylgaw ýaryşyny 2 sagat 19 minutda tamamlady. Bu barada UPI agentligi habar berýär diýip, kaspiy.az belleýär.

Çad Kempel ýekşenbe güni Oklenddäki Oklend marafonynda ýarym marafony dört ýaşly bäş çagasy oturan arabany itekläp ylgap geçdi. 

“Çagalarym: “Kaka, çaltrak ylga!” diýip gygyrýardylar, men bolsa derläp, ysgyndan gaçyp barýardym. Men ylgamagy dowam etdirip bilerinmikäm diýip pikirlenýärdim” – diýip, Kempel interwýuda ýatlaýar.

Kempel 13,1 mil aralygy 2 sagat 19 minutda geçdi. Netijede, ol Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan goýlan 2 sagat 30 minut rekordy täzeledi. Ol öňem 10 km aralygy we doly marafony-da bäş çagasyny itekläp geçip, dünýä rekordyny goýupdy. 

Kempel Ginnesiň dünýä rekordlaryny goýmaga synanyşygyny tamamlandygyny, ýöne geljekde beýleki ýaryşlara gatnaşmagy meýilleşdirýändigini we çagalarynyň hem özi bilen bilelikde ylgamagyna umyt bildirýändigini aýtdy. 


şu gün 08:03
3.5k+

Kazyýet işi Ak öýüň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

düýn 18:02
3.4k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 12:39
5.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

düýn 08:03
4.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....