Bitcoin 8%, Ethreum 10%, Cardano — 30% diýen ýaly gymmatlady

  • 28.03.2022 19:36
  • 6.6k+

Russiýada maýninge häli bu güne çenli kanuny rugsat bermän gelýärler, emma maýnerleriň özi bu hepde ýokary girdeji aldylar, çünki kriptobazar tutuş hepdäniň dowamynda gymmatlamak bilen boldy. Şeýlelikde, Bitcoin 8% göterildi we häzir 1 WTS 45 000 dollar diýip söwdalaşylýar.

Dünýäniň ikinji kriptowalýutasy bolan Ethereum ondanam biraz galdy — 10%: 1 ETH — 3170 dollar töwerek. Ýöne Cardano-nyňky hasam çüwdi: bir hepdäniň içinde onuň bahasy 27% göterildi. Bu zatlar bazaryň kapitallaşdyrylmagynyň ýene 2 trilliondan dollardan geçmegine sebäp boldy.
Kriptobazar ABŞ-nyň gazna bazary bilen bilelikde ösýär — olaryň arasynda gönüden-göni baglanyşyk bar. Şeýle hem birentek maýa goýumçylar Bitcoine we beýleki kriptowalýutalara uly inflýasiýadan goraýan serişde hökmünde garaýarlar. 


03.10.2025 17:03
4.2k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

30.09.2025 16:59
2.6k+

Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür...

06.09.2025 16:32
7.7k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

14.04.2024 14:46
9.4k+

Kriptowalýutalar birden 10-30% arzanlady. Bitkoin ýitiren bahasynyň bir bölegini yzyna almagy başardy

Şenbe güni geçirilen söwda sessiýasynda bitkoiniň hümmeti düýpli üýtgäp başlady. Iki sagadyň dowamynda esasy kriptowalýutanyň bahasy, takmynan, 10% arzanlap, 60-61 müň dollar töweregi aşaklady, hatda, birža baglylykda...