Polşaly tennisçi Swýontek dünýä reýtinginiň täze lideri bolar

  • 28.03.2022 12:45
  • 2.9k+

Polşanyň wekili Iga Swýontek Maýamide geçirilýän Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň (WTA) ýaryşynyň ikinji aýlawynda şweýsariýaly Wiktoriýa Golubiçi utdy. Bu netije Swýontege ýaryş tamamlanandan soň dünýä reýtinginde birinji orny eýelemäge mümkinçilik berer, sebäbi dünýäniň birinji raketkasy awstraliýaly Eşli Barti öň karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi diýip, TASS habar berýär.

Oýun ýaryşda ikinji belgide ýerleşdirilen Swýontegiň peýdasyna 6:2, 6:0 hasabynda tamamlandy. Indiki aýlawda ol amerikaly Medison Brengl bilen oýnar.

Maýamide ýaryş tamamlanandan soň Barti WTA-nyň reýtinginden çykarylar, Swýontek dünýäniň täze birinji raketkasy bolar. Häzirki wagtda onuň hasabynda 5 776 utuk bar. Reýtingiň birinji ornuna ýene bir dalaşgär – ispaniýaly Paola Badosa Maýamidäki ýaryşda ýeňiş gazanan ýagdaýynda-da Swýontegiň yzyndan ýetip bilmez. 

Swýontek 20 ýaşynda, onuň hasabynda WTA-nyň howandarlygynda bäş titul bolup, ol 2020-nji ýylda geçirilen Fransiýanyň Açyk çempionatynyň ýeňijisidir. Swýontek WTA-nyň reýtinginde birinji orny eýeleýän Polşanyň ilkinji wekili bolar. Şeýle-de, ol guramanyň taryhynda dünýä reýtinginiň 28-nji lideri bolar. 


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....