Saud Arabystany 2025-nji ýylda VII Aziadany kabul eder

  • 28.03.2022 09:53
  • 5.5k+

Saud Arabystany 2025-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VII Aziýa oýunlarynyň (Asian Indoor and Martial Arts Games - AIMAG) geçiriljek ýeri diýlip tassyklandy.

Saud Arabystanynyň Şazadasy, Olimpiýa we Paralimpiýa komitetiniň prezidenti Abdulaziz bin Turki Al-Feýsal Aziýanyň Olimpiýa maslahaty bilen çäräni geçirmek hakyndaky resmi ylalaşyga gol çekişlikde, munuň ýakyn günlerde Patyşalykda geçjek bir topar uly sport çäreleriniň biri boljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol soňky ýyllarda Saud Arabystanynyň sport dünýäsinde örän uly öňegidişliklere eýe bolandygyny, muňa ýurduň iri çäreleri we ýaryşlary geçirmäge bildirýän üstünlikli talaplarynyň şaýatlyk edýändigini, şolaryň arasynda 2034-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň we 2023-nji ýylda geçjek Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynyň bardygyny nygtady.

AIMAG ilkinji gezek 2005-nji ýylda Tailandda geçirilipdi, soňra 2007-nji ýylda Makaoda, 2009-njy ýylda Wetnamda, 2013-nji ýylda Günorta Koreýada we 2017-nji ýylda bolsa Aşgabatda bolupdy. Indiki ýyl Tailandda şu formatdaky altynjy oýunlar geçer, ol COVID-19 sebäpli 2021-nji ýyldan bäri yza süýşürilip gelinýärdi. 


08.06.2026 12:42
9.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

22.05.2026 07:24
9.9k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....

04.04.2026 15:00
9.9k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

16.03.2026 16:43
3.7k+

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez...