Sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionaty Ýaponiýadan Wengriýa geçirildi

  • 25.03.2022 15:10
  • 4.1k+

Şu ýylyň tomsunda – 2022-nji ýylyň 18-nji iýunyndan 3-nji iýuly aralygynda Budapeştde sportuň suw görnüşleri boýunça nobatdan daşary dünýä çempionaty geçiriler. Azertag.az-nyň habar bermegine görä, Halkara suwda ýüzmek federasiýasy (FINA) şu gün şeýle netijä geldi. 

Şu gün irden Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban özüniň halka radio ýüzlenmesinde FINA-nyň prezidenti Huseýn Al-Musallam bilen ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi. “Biziň ýurdumyz türgenlere 2022-nji ýylyň tomsunda sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi kepillendirýär” – diýip, Orban aýtdy. 

Ýatlap geçsek, Wengriýanyň paýtagty 2017-nji ýylda sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatyny kabul edipdi. 

Mesele ilkibaşda 2022-nji ýylyň 13 – 29-njy maýynda Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde meýilleşdirilen sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatynyň 2023-nji ýylyň 14 – 30-njy iýulyna geçirilmegi bilen ýüze çykdy. Bu hem Omicron COVID-19-yň ýaýramagynyň netijeleri we häzirki wagtda Ýaponiýada kabul edilen pandemiýa garşy göreş çäreleri bilen baglanyşykly bolup geçdi diýip, FINA-nyň metbugat relizinde aýdylýar.


05.05.2025 15:19
4.9k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady...

06.04.2025 16:09
1.9k+

Maks Werstappen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji gezek ýeňiji boldy

27 ýaşly niderlandly ýaryş sürüjisi hem-de Formula-1-iň dört gezek çempiony Maks Werstappen «Red Bull» toparynyň wekili hökmünde «Suzuka» ýaryş ýolunda geçirilen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji ýeňşini...

30.01.2025 23:05
3.9k+

Ýaponiýaly snoubordçy dünýäde ilkinji bolup 6,5 öwrümli böküşi amala aşyrdy

19 ýaşly ýaponiýaly snoubordçy Hiroto Ogiwara dünýäde ilkinji bolup 2340 gradus (6,5 öwrüm) aýlawly böküşi amala aşyrdy. ABŞ-nyň Aspen şäherinde geçirilen X Games ýaryşynda big-eýr dissiplinasynda dünýä rekordyny...

15.10.2024 16:10
9.4k+

2025, 2026, 2027-nji ýyllarda dzýudo boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýerleri belli boldy

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) 2026-njy ýylda dzýudo boýunça dünýä çempionatynyň Bakuwda (Azerbaýjan) geçiriljekdigini mälim etdi. Geljek ýyl ýaryşy Wengriýa, 2027-nji ýylda bolsa Gazagystan kabul eder. Şu ýyl...