KHBS: Suzuki Hindistanda elektromobil önümçiligine $1,25 mlrd maýa goýar

  • 25.03.2022 15:03
  • 6k+

Ýaponiýanyň Suzuki Motor konserni kompaniýa üçin esasy daşary ýurt bazary bolan Hindistanda elektromobilleriň önümçiligine, takmynan, 150 mlrd iýena ($1,25 mlrd) maýa goýar. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi diýip, ko.ru belleýär.

Täze meýilnamanyň çäginde kompaniýa Gujarat ştatynda akkumulýatorlaryň önümçiligi boýunça zawod gurar. Bu ýerde kompaniýanyň eýýäm benzin hereketlendirijili awtomobilleri ýygnaýan kärhanasy bar. Onda 2025-nji ýyldan elektromobiller öndürilip başlanar. Şeýle-de, Suzuki Hindistanda köne awtomobilleri gaýtadan işlemek üçin infrastruktura gurar.
Hindistan 2030-njy ýyla çenli içerki bazarda täze satylan awtoulaglaryň tutuş göwrüminden elektromobilleriň satuwynyň paýyny 30%-e ýetirmegi maksat edinýär. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe ýurtda zarýad beriji stansiýalar ýeterlik däl, elektromobilleriň satuwy hem ýylda, takmynan, 3 mln umumy satuw möçberinde birnäçe müňe ýetýär.
Suzuki Hindistanyň bazaryna 1982-nji ýylda çykdy. Häzirki wagtda Suzuki-niň paýyna bu ýurtda täze awtomobilleriň satuwynyň, takmynan, 50%-i düşýär.


25.02.2026 06:32
6.1k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

21.02.2026 17:40
4.6k+

Tesla Cybertruck-yň iň arzan görnüşini tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasy özüniň meşhur Cybertruck elektrik pikapynyň täze, has arzan görnüşini hödürledi. Iki motorly we ähli tigirleri hereketlendiriji ulgamly bu model 60 müň dollar bahasy bilen häzirki wagtda hataryň iň elýeterli pikapy boldy...

19.02.2026 13:46
5.2k+

Tesla sürüjisiz taksileriniň köpçülikleýin önümçiligine başlady we bahanyň 30 müň dollardan pes boljakdygyny wada berdi

​Tesla kompaniýasy «Cybercab» elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Ilkinji seriýaly awtomobil eýýäm önümçilikden çykdy. Tesla Ilon Maskyň ozal beren wadasyny ýerine ýetirmegi we 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ulagy alyjylara 30 müň dollardan ýokary bolmadyk bahadan gowşurmagy meýilleşdirýär...

17.02.2026 18:44
4.1k+

Ferrari 1000 at güýçli "Luce" elektrokarynyň salonyny "iPhone-yň" stilinde bezedi

Italiýanyň meşhur Ferrari markasy özüniň ilkinji doly elektrikli modeli bolan Luce-niň içki bezegini görkezdi. 1000 at güýjünden gowrak kuwwaty bolan bu taslamanyň üstünde kompaniýa 2020-nji ýyldan bäri işleýär...