Google soňky 15 minutdaky gözleg taryhyny aýyrmak mümkinçiligini hödürleýär

  • 25.03.2022 14:54
  • 6.8k+

Google ahyrsoňy öz Android programmasynda soňky 15 minutdaky gözleg taryhyny aýyrmak mümkinçiligini goşdy. Bu barada ferra.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Bu funksiýanyň elýeterlidigini ýa-da ýokdugyny barlamak üçin Android üçin Google programmasyny açyp, öz profil suratyňyza basyň we “Soňky 15 minuty aýyrmak” parametrini gözläň.
Gözleg sistemasy bu funksiýany ilkinji gezek maý aýynda anons etdi, iýul aýynda bolsa ol iOS üçin Google programmasynda peýda boldy. Şonda kompaniýa bu programmanyň Android wersiýasynyň 2021-nji ýylyň ahyrynda peýda boljakdygyny aýtdy, ýöne nähilidir bir sebäplere görä Google gijä galdy. Häzirlikçe kompaniýanyň bu funksiýany stolüsti kompýuterlere goşmagy meýilleşdirýändigi ýa-da ýokdugy belli däl.
Şeýle-de, Google 3, 18 ýa-da 36 aýyň dowamynda gözleg taryhyny awtomatik bozmagy teklip edýär.


11.06.2026 14:00
2.6k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....