Samsung Galaxy A12 iň meşhur smartfon hökmünde saýlandy

  • 25.03.2022 14:53
  • 21k+

Samsung Galaxy we iPhone smartfonlary 2021-nji ýylda global bazarda has köp isleg bildirilýän telefonlaryň sanawyna girdi diýip, GizmoChina neşiri habar berýär. Muny Lenta.ru salgylanyp, Day.Az ýetirýär.

Omdia analitiki kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Samsung Galaxy A12 2021-nji ýylda iň köp satylýan smartfon boldy. Ol 51,8 mln birlik tiraž bilen satyldy. Ikinji orunda iPhone 12 ýerleşdi, Apple bazara 41,7 mln enjam iberdi. Iň köp satylýan üçünji smartfon iPhone 13 boldy – 34,9 mln birlik. Şeýle-de, ilkinji bäşlige iPhone 11 we Xiaomi Redmi 9A girýär.
Has köp isleg bildirilýän telefonlaryň ilkinji onlugynda Apple-iň ýedi, Samsung-yň iki we Xiaomi-niň bir smartfony bar. Bu sanawda iň arzan enjam 78 dollar bilen bahalandyrylan Xiaomi Redmi 9A, iň gymmady bolsa 1324 dollarlyk iPhone 13 Pro Max-dyr.

“Samsung-yň bu sanawda birinji orny eýelemegi A-tapgyryň arzan smartfonlarynyň has meşhurdygyny görkezýär” – diýip, žurnalistler belledi. Analitikler Galaxy A12 ýaly smartfonlara köp garaşylýandygyny, sebäbi öndürijileriň köpüsiniň, aýratynam, Samsung-yň ortaça we arzan baha segmentlerine üns berýändigini belleýär. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...