2022 ýylyň Samsung Galaxy A smartfonlarynda zarýad beriji gurluş bolmaz

  • 22.03.2022 12:35
  • 21k+

Galaxy A33 we A53 smartfonlarynyň orta derejeli gurluşlar hasaplanýandygyna garamazdan, olarda, fragman smartfonlarynda bolşy ýaly, indi zarýad beriji gurluş bolmaz. Samsungyň berýän habaryna görä, bu gaplamanyň göwrümini kiçeltmek üçin şeýle dilendir.

Ýöne ulanyjylar, öňküler ýaly, Type-A üçinType-C USB kabeli, sim-lotogy aýyrmak üçin açar we resminamalary alarlar.
Galaxy A bilen birlikde elýeter smartfon bolan  Galaxy A13  5G hem zarýad beriji gurluşyň komplektinden binesip galdy.

"Galaxy A seriýasy zarýad gurluşsyz bolar, bu bolsa gaplamanyň ölçegini kiçeldýär"  - diýip, Samsungda habar berdiler. 


12.05.2026 14:43
7.9k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.9k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...