Samsung 5G-ni göterýän we güýçli batareýaly orta klas smartfonlaryny hödürledi

  • 19.03.2022 18:44
  • 8.8k+

Samsung özüniň tanyşdyrylyş dabarasynda orta klasyň 5G-ni göterýän iki smartfonyny – A33 we A53-i hödürledi.

Bu smartfonlaryň ikisi hem AMOLED displeýi bilen üpjün edilendir, diagonaly 6,4 dýuým bolan A33 90 Gs, diagonaly 6,5 dýuým bolan A53 bolsa 120 Gs täzelenme ýygylygyny göterýär.
Modelleriň ikisinde-de bäş kamera bar – esasy, makro, “Boke” effektini döretmek üçin kamera, frontal we giň burçly. Esasy kameranyň durulygy A53-de 64 Mp, A33-de 48 Mp. Şeýle-de, A53 kämilleşdirilen giň burçly we frontal kameralara eýe – kiçi modeldäki 8 we 13 Mp bilen deňeşdirilende degişlilikde 12 we 32 Mp. Mundan başga-da, kameralaryň gijeki režim, portret surata düşürme üçin yzky fon bulaşyklygyny sazlama funksiýasy, wideo stabilizasiýasy we Snapchat-da surat bilen paýlaşmak üçin birnäçe gyzykly filtrleri bar. 
A53 we A33 modelleri çalt zarýad alyş funksiýasy, IP67 suwdan goraga we iki günläp zarýad saklajak kuwwatly 5000 mAh batareýalar bilen üpjün edildi. Gurluşlaryň operatiw ýady – degişlilikde, 6 GB we 8 GB, fleş-ýat – 128 GB we 256 GB, ony 1 GB çenli artdyrmak bolýar. Smartfonlar 5nm prosessorlarda işleýär.  
A53 dünýäde 1-nji aprelden satuwa çykar, başlangyç baha – 449 ýewro, A33 – 22-nji aprelden, bahasy 369 ýewro. Deslapky sargytlar 18-nji martdan başlaýar. 


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...