Apple iOS 15.4 çykardy

  • 19.03.2022 17:24
  • 5.2k+

iOS 15.4 we iPadOS 15.4 täzelenişleri bilelikdäki modellere niýetlenip, häzirki wagtda ýüklemek üçin elýeter.

Olar birnäçe kiçeňräk üýtgeşmelerden, şeýle hem Face ID-iň işinde uly üýtgemelerden ybaratdyr. 
Täzelenişden soň aýfonyň razblokirowkasyny örtügiňi aýyrmazdan, Face ID kömegi bilen sazlamak mümkin bolar. Bu usulda gözüň töweregindäki ýerleri skanirlemek ulanylar.
Gynansak-da, Apple bu funksiýany diňe iPhone 12-de we has täze modellerde işletmegi karar etdi. Munuň özi iPhone X, XS we XR çetde galar diýmegi aňladýar.
iPadOS 15.4-de başga bir uzak garaşdyran funksiýa peýda boldy, gürrüň Universal Control hakynda barýar. Bu opsiýa Mac bilen iPad-i birwagtda ulanmaga mümkinçilik berer, şonda syçanyň görkezijisini olaryň aralygyna emaý bilen eltip goýmaly. Şeýle-de, ulanyjylar faýllary iki gurluşyň (eger olar bir kompýuterde oturan bolsa) arasynda ondan-oňa geçirip bolar.
Täze çykan täzeleniş Emoji 14.0 toplumyndan 100-den gowrak täze smaýligi, Siri üçin täze ses opsiýasyny öz içine alýar, şeýle-de onuň awtonom režimde wagt we sene hakyndaky maglumaty bermäge mümkinçiligi bar.
Mundan başga-da, EC-iň Sanly COVID-sertifikatlaryny goldaýjy peýda boldy, Safaride web-sahypany terjime etmek funksiýasyna italýan we hytaý dilleri girdi.

iOS 15.4-e çenli nädip täzelemeli
iOS 15.4-i ähli ylalaşykly gurluşlaryň eýeleri geçirip biler. Munuň üçin «Sazlamak — » «Esasylar — » «ПO täzeleniş» bölümine geçmeli. Şol ýerde siz OС-yň täze wersiýasyny ýüklemek hakyndaky teklibi görersiňiz.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...