ETNT: terapewt Mitçell ýaşlygy saklamak üçin şekerden ýüz öwürmegi maslahat berdi

  • 19.03.2022 16:52
  • 5.3k+

ABŞ-dan terapewt juwanlygy we işjeňligi uzak wagtlap saklamaga kömek etjek ýedi usuly aýtdy. Onuň maslahatlary «Eat This, Not That!» (ETNT) tarapyndan neşir edildi. 

Ilkinji nobatda Tomi Mitçell şekeri aşa köp iýmekden saklanmagy maslahat berýär. “Ol ýygyrtlaryň we pigment tegmilleriniň peýda bolmagyna ýardam edýär, netijede deri ýygyrt-ýygyrt bolýar. Şeker ýürek-damar keselleriniň, süýji keseliniň we beýleki saglyk bilen bagly näsazlyklaryň döremek howpuny-da ýokarlandyrýar" – diýip, lukman düşündirýär. 

Juwanlygy saklamagyň ýene bir şerti ýeterlik derejede ukyňy almakdyr. Mitçelliň aýtmagyna görä, uly ýaşly adama özüni oňat duýmagy üçin ýedi-sekiz sagat uky gerek. Uky ýetmedik ýagdaýynda organizm stres gormony bolan kortizoly köp işläp çykarýar. Onuň aşa mukdary bolsa wagtyndan ir garrama bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 

“Fiziki maşklar ýaşlygy saklamagyň ýene bir möhüm şertidir. Olar gujurly bolmaga, stresi azaltmaga kömek edýär we organizmiň ähli funksiýalaryna oňyn täsir edýär” – diýip, Mitçell aýdýar. Ol günde sekiz-on stakan arassa suw içmegi maslahat berýär, sebäbi organizmde suwuklygyň dogry derejesi diňe bir ähli organlar üçin peýdaly bolman, deriniň sagdynlygyna hem oňyn täsir edýär we onuň garramagyny haýalladýar.

Mitçell gündelik rasiona köpräk gök önümleri we ir-iýmişleri goşmagy maslahat berýär, sebäbi olar organizmi antioksidantlar, witaminler we ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Mundan başga-da, ol towuk ýa-da hindi towugy ýaly ýagy az etleri iýmegi we polufabrikatlardan ýüz öwürmegi maslahat berýär.

Lukman stres derejesini peseltmegiň saglygy we ýaşlygy saklamaga kömek etjekdigine ynanýar. Stresi ýeňil geçirmek üçin Mitçell fiziki maşklar hem ýoga bilen meşgullanmagy maslahat berýär.


20.06.2026 12:08
6.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......