Ýaponiýada ilkinji sakura gülledi

  • 17.03.2022 23:55
  • 9.5k+

Penşenbe güni ýurduň bu resmi däl nyşanynyň gül açýan möwsüminiň başlanandygyny buşlap, Ýaponiýanyň çäginde sakura gülläp ugrady. Bu barada Milli meteorologiýa müdirligi habar berdi.

Müdirligiň sebit bölüminiň maglumatlaryna görä, gülleýiş Fukuokanyň prefekturasynyň çäginde başlady. Aslynda, meteorologlaryň öňünden çaklaýyşlaryna laýyklykda, Tokioda sakura 21-nji martda güllemeli, bu möwsümiň iň çürbaşy döwri Tokioda 29-njy martda bolmaly.

Ýaponlar sakurany öz ýurtlarynyň nyşany hasaplaýarlar, onuň güljagazy bolsa resmi däl milli tugranyň derejesine eýedir. Uzak gündogaryň üljesiniň patrak kimin gülleýän döwri adatça apreliň başyna gabat gelýär: ýurduň seýilgähleri, hakykatdan-da, gülgüne reňkli gülleriň dürli öwüşginlerine gark bolýar.

2020-nji we 2021-nji ýyllarda pandemiýa sebäpli ýerli ilata sakuranyň gülleýşine öňki edähetlerine görä syn etmek mümkinçiligi bolmady: keseliň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin häkimiýetler meýdan oturylyşyklaryna çykmazlygy maslahat berdiler.

Üstümizdäki ýylda hem şu ýagdaý saklanar diýip çaklanylýar.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......