Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ermeni dilinde neşir edildi

  • 17.03.2022 13:15
  • 7.1k+

16-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlary we žurnalistleri, şeýle-de göni wideoaragatnaşyk arkaly Ermenistan Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory B.Orazdurdyýewa, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi R.Harazýan, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa öz çykyşlaryny beýan etdiler.

Şeýle-de çärede göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri, professor Aleksandr Safarýan, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amaliýa Petrosýan, şahyr-terjimeçisi Waružan Hastur çykyş etdiler. 

Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň öz çykyşynda belleýşi ýaly, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň ermeni dilinde neşir edilmegi ermeni okyjylaryna türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we ruhy dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.


şu gün 00:03
2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......