Kriştianu Ronaldu resmi oýunlarda girizen gollarynyň sany boýunça rekord goýdy

  • 15.03.2022 18:26
  • 1.5k+

“Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu karýerasynda 805-nji, 806-njy we 807-nji goluny girizip, resmi oýunlardaky gollarynyň sany boýunça awstriýaly we çehoslowakiýaly hüjümçi Ýozef Bisanyň rekordyny täzeledi. 

37 ýaşly Ronaldu bu rekordy Angliýanyň çempionatynyň “Tottenheme” garşy oýnunda goýdy. Oýun 3:2 hasabynda “Mançester Ýunaýtediň” peýdasyna tamamlandy. “Tottenhemden” Garri Keýn we Garri Maguaýr tapawutlandy. 

Ronaldu “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde 136 gol saldy. Şeýle-de, onuň hasabynda “Sporting” üçin 5 gol, Ispaniýanyň “Real” toparynyň düzüminde 450 gol, “Ýuwentus” üçin 101 gol we Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin 115 gol bar.

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) maglumatlaryna görä, Bisan “takmynan, 805” goluň awtorydyr, geçirilen gollaryň takyk sany belli däl. Bisan 1931-nji ýyldan 1957-nji ýyla çenli oýnady, ol Çehoslowakiýanyň “Slawiýa”, “Sokol Şkoda” klublary, Pragadan “Dinamo” we Brnodan “Spartak” üçin çykyş etdi. Şeýle-de, ol Awstriýanyň “Rapid” we “Admira” klublarynda hem oýnady. 


düýn 19:10
4.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....