Russiýa Türkmenistana uçuşlar boýunça girizilen kowid-çäklendirmäni aradan aýyrdy

  • 12.03.2022 19:51
  • 66k+

Russiýa sekiz ýurda, şol sanda Türkmenistana uçuşlar babatynda COVID-19 bilen bagly girizilen çäklendirmeleri ýatyrdy. Bu barada Rosawiasiýanyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS anna güni habar berdi.

"2022-nji ýylyň 9-njy martynda Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň karary bilen, COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almagyň çäklerinde, Azerbaýjana, Ermenistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Türkmenistana, Özbegistana we Eýrana amala aşyrylýan yzygiderli we ýörite uçuşlara girizilen çäklendirmeler aýryldy"  - diýip, Russiýa Federasiýasynyň howa ulaglarynyň Federal agentligi mälim etdi. 

Şeýle hem, owal Belorussiýa, Dominikana, Müsüre (Kairden başgasyna), BAE-ne, Türkiýä, Finlýandiýa, Çehiýa, Şweýsariýa, Günorta Koreýa we Kuba uçuşlara girizilen kowid çäklendirmeleri hem doly aradan aýrylypdy - diýip TASS belleýär.

Indi bu ýurtlara uçuşlar diňe howa gatnawlary hakyndaky hökümetara ylalaşyklaryň düzgünleri we ýurtlaryň awia ýolbaşçylarynyň käbir ylalaşyklary bilen çäklenýändir.

Awiakompaniýalar yzygiderli we ýörite uçuşlary amala aşyranlarynda Russiýa Federasiýasynyň Baş döwlet sanitar lukmanynyň "COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, aýry saklamak düzgünini üpjün etmek hakyndaky" kararynyň düzgünlerini berjaý etmek möhümdir - diýip, Rosawiasiýada habaryň üstüni ýetirdiler.


düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......