14-nji martda Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawy amala aşyrylýar

  • 12.03.2022 10:45
  • 30k+

14-nji martda Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň telegram kanalynyň sahypasynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Moskwa — Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler. Uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky bölümlerinde amala aşyrylar.

Nobatdaky ýörite uçuş Aşgabat wagty bilen 00:40-da (13-nji martdan 14-nji marta geçýän gije) amala aşyrylar. Eger-de ýörite uçar gatnawy bilen Moskwa uçmakçy bolýan ýolagçylaryň soňky duralgasy Moskwa şäheri bolmadyk ýagdaýynda, onda olar «S7» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan özlerine gerekli gatnaw boýunça awipetekleri satyn alyp bilerler. 


düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 16:55
1.6k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
2.4k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....

düýn 11:14
1.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......