12-nji martda geçiriljek saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynyň ýanynda göçme nokatlaryň işi ýola goýlup, halkara synçylara we saýlawa gelen saýlawçylara dürli-dümen tagamlar, şirin miwelerdir şireler we beýleki önümler hödürlenmelidir.
10-njy martda geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şular barada aýdyp, wise-premýerler E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa ýerli harytlaryň söwdasyny guramak barada tabşyryklary berip, “Goý, Bitarap ýurdumyzda geçirilýän saýlawlary synlamaga gelen myhmanlar türkmen saçagynyň berekedini we halkymyzyň myhmansöýerligini görsünler” diýip nygtady.