Prezident saýlawlarynyň geçişi milli telewideniýede we radioda göni efirde görkeziler

  • 11.03.2022 09:37
  • 11k+

12-nji martda Prezident saýlawlarynyň geçirilişi baradaky maglumatlar ýurdumyzyň telewideniýesinde we radiosynda göni ýaýlymda halka ýetiriler. Bu barada 10-njy martda geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde türkmen Lideri degişli tabşyryklary berdi.

Hususan-da, döwlet Baştutany wise-premýer M.Mämmedowa saýlawlar gününiň teleradioýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Halkymyzyň milli däplerine laýyklykda, saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guralmalydyr. Halkara synçylara ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy hem-de milli gymmatlyklary bilen tanyşmaga ýardam edilmelidir.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi baradaky maglumatlary ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, ýagny teleradioýaýlymlarda, metbugatda we internetde yzygiderli berip durmaly diýip, türkmen Lideri nygtady.


16.03.2026 14:21
2.4k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.5k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...

05.03.2026 05:58
5.9k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

18.02.2026 17:02
2.6k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...