Saýlaw uçastoklarynda «akylly» zyýansyzlandyryş geçelgeleri gurnalýar

  • 11.03.2022 09:13
  • 6.9k+

12-nji martda geçiriljek saýlawlar gününde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan saýlaw uçastoklarynda “akylly” zyýansyzlandyryş geçelgelerini gurnamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada 10-njy martda geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Gylyjow türkmen Liderine hasabat berdi.

Ýeri gelende bellesek, şeýle “akylly” enjamlaryň 300-den gowragy saýlaw uçaktoklarynda goýlar we munuň özi saýlawlara gatnaşýanlary wirusly ýokaçlaryň ýaýramagyndan goralmagyny üpjün eder. Enjamlar saýlawlaryň geçiriljek binalarynyň girelgesine oturdyldy.

Enjamlar içinde arkaýyn hereket edip bolýan aşa ýuka metal korpusly ötük görnüşinde ýasalypdyr. Aslynda, bu ötük galtaşmazdan, bedeniň gyzgynyny kesgitleýän ulgam, bedeni we gorag örtüginiň bardygyny ýüze çykarýan, ýüzüň suratyny we şekilini saklamak üçin duýgur hem-de takyk funksiýaly iki gözli fotoenjam bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjama ýakynlaşan adamyň gyzgyny ölçelýär. Görkeziji kanagatlandyryjy bolsa, geçelge awtomatik usulda işläp başlaýar. Adam geçelgeden geçýär, ol ýerde bäş sekundyň dowamynda gündelik ulanmak üçin niýetlenen kümüş ionly uniwersal antiseptik serişde derini we geýimleri dezinfeksiýa edýär. Geçelgede ulanylýan serişde yz galdyrmaýar, derini guratmaýar we çalt siňýär.

Bu köpugurly enjamyň geçirijilik ukyby sagatda 1000-den gowrak adama niýetlenendir. Ol raýatlaryň köp üýşýän ýerlerinde, mysal üçin, howa we demir ýol menzillerinde, hassahanalarda, söwda merkezlerinde, bilim edaralarynda, myhmanhanalarda ulanmaga mümkinçilik berýär.


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....