Ýanwar-fewral aýlarynda Hytaý Merkezi Aziýadan 5 mln tonna töweregi tebigy gazy import etdi

  • 10.03.2022 08:47
  • 4.7k+

2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hytaý Merkezi Aziýadan 4,67 mln tonna tebigy gazy import etdi diýip, gümrükhana edaralarynyň maglumatlaryna esaslanýan HHR-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýar.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça akýan mawy ýangyç häzirki wagtda Hytaýyň 20-den gowrak welaýatynyň we awtonom etrabynyň ilatynyň hajatlaryny üpjün edýär. Ýurduň 500 milliondan gowrak raýaty ekologiýa taýdan arassa tebigy gazyň hözürini görýär.
2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, HHR Merkezi Aziýadan mawy ýangyç almasyny 12% artdyrdy. Alnan tebigy gazyň möçberi 31,733 mln tonna töwerek boldy.
Pekiniň kömürden energiýanyň has arassa görnüşine geçmek baradaky syýasaty bilen bagly Hytaýda her ýyl mawy ýangyjyň ulanylyşy artýar. 
Şonuň netijesinde HHR tebigy gazy satyn almak boýunça dünýäde iň iri müşderi hasaplanýar we ekspertleriň baha bermegine görä, bu ornuny barha pugtalandyrýar. 
Hytaýa turba boýunça gaz ugratmakda esasy eksport edijiler Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan bolmagynda galýar. Suwuklandyrylan gazy ugratmakda öňdebaryjylygy Awstraliýa, ABŞ we Katar elden bermän barýar.


düýn 19:01
3.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...