Insaýder Apple-iň täze çykjak gajetleri barada gürrüň berdi

  • 08.03.2022 16:18
  • 7.4k+

Insaýder 2023 ýylda Apple-iň çykarjak täze iMac Pro we Mac Pro kompýuterleri barada gürrüň berdi.

2023 ýylda Apple özüniň iň öndürijilikli kompýuterlerini täzelär. Bu barada PhoneArena neşiri habar berýär.
Media žurnalistleri abraýly insaýder bolan Ming-Chi Kuo-nyň habaryna salgylanýarlar. Analitik öz Twitterinde Apple-iň näbelli sebäplere görä, özüniň iň kuwwatly kompýuterlerini çykarmagy 2023 ýyla çenli soňa goýandygyny aýtdy.

Hünärmen kompaniýanyň  iMac Pro we Mac Pro kompýuterlerini täzelemegi niýet edinýändigini mälim etdi. Gajetler Apple-iň ARM-çipleriniň bazasynda işlär.
Şeýle-de, Min-Çi Konyň bilen maglumatlaryna görä, 2022 ýylda amerikanyň IT ägirdi iki sany täze gurluşy hödürlär. Sanawda Mac mini stol kompýuteriniň has öndürijilikli modeli hem göze ilýär - 2020 ýylda Apple M1 çipi alan dewaýsyň täze wersiýasyny goýberipdi.
Şeýle-de, kompaniýa diagonaly 27 dýum bolan daşky monitory hödürlemegi meýilleşdirýär.
Ekspert gurluşyň, matrisanyň Mini-LED podswetkasyz boljakdygy sebäpli, bahasy degişlilikde  elýeter bolar diýip hasaplaýar.
Žurnalistler başga bir belli analitigiň - Ross Ýangyň 2022-nji ýylyň aýagyna çenli Apple-iň ARM prosessory bolan kuwwatly iMac Pro-ny goýberjekdigi baradaky çaklamany aýdandygyny ýatlaýarlar. Şonda hünärmenler belki kompýuterleriň dürli modellerini göz öňünde tutan bolsalar gerek diýip, awtorlar çen edýärler.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....