Wengriýada agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni ýatyrylýar

  • 08.03.2022 08:35
  • 9.2k+

Wengriýanyň hökümeti duşenbeden başlap, koronawirus bilen bagly girizilen jemgyýetçilik ýerlerinde hökmany örtük dakynmak düzgünini, şeýle-de, beýleki birtopar çäklendirmeleri aýyrýar. Premýer-ministr Gergeý Guýýaşyň kanselýariýasynyň ýolbaşçysynyň habar bermegine görä, wenger hökümeti "ilata üstünlikli gözegçilik edilmegi we waksina sanjymynyň urulmagy netijesinde pandemiýanyň bäşinji tolkunynyň yza tesýändigi sebäpli" şeýle karara geldi. 

"Duşenbeden başlap jemgyýetçilik ulaglarynda, dükanlarda, söwda merkezlerinde, poçtada, teatrlarda, kinoteatrlarda, muzeýlerde, şeýle hem sport ýaryşlarynda hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyrylýar. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işgärlerine hem örtük dakynmak hökman däldir."- diýip, hökümet saýtynda takyklanylýar. 

Mundan başga-da, açyk howada geçirilýän çärelere gatnaşyjylaryň sany babatynda-da çäklendirmeler aradan aýrylýar.

 "Iş berijiniň öz işgärlerinden hökmany suratda waksina almaklygy talap etmelidigi baradaky düzgün hem ýatyrylýar" - diýip, Wengriýanyň hökümetinde ministr derejesini eýeleýän Guýýaş sözüniň üstüni ýetirýar. 

Şol bir wagtda hökümet "ähli isleg bildirýänlere waksina getirmekligi dowam etmeli" diýip yglan etdi. Resmi maglumatlar boýunça 10 mln ilaty bolan Wengriýada takmynan 7 mln adan koronawirusa garşy sanjym aldy. Olaryň 4 milliony eýýäm rewaksinasiýadan hem geçdi.   Ýurtda waksinanyň birnäçe görnüşi, şol sanda Russiýanyň "Спутник V" waksinasy hem ulanylýar. Pandemiýa döwründe Wengriýada 1,8 mln adam COVID-19 bilen keselledi, 44 müňden gowrak adam ýogaldy.


16.07.2025 12:27
8.5k+

Wengriýanyň iň köne kitaphanasynda agaç tomzaklary ýüz müňlerçe seýrek kitaplara hüjüm etdi

Wengriýanyň iň gadymy kitap toplumy bolan Pannonhalmadaky orta asyr monastyr kitaphanasynyň işgärleri agaç tomzagy zerarly zeper ýeten 100 000 töweregi seýrek kitaplary gyssagly dezinseksiýa etmeklige girişdiler...

12.05.2025 16:19
5.4k+

Wengriýada sönen wulkanyň üstünden syrly taýpanyň gadymy artefaktlary tapyldy

Arheologlar Günbatar Wengriýanyň Şomlo depesinden ýaşy 3400 ýyla çenli bolan alty sany seýrek metal hazynany tapdylar. Olaryň bäşisi giçki bürünç asyry döwrüne (b.e. öňki 1450–800-nji ýyllar), biri irki demir asyryna (b...

06.02.2025 09:43
1.7k+

Zamananyň opera ýyldyzlary Dimaş Kudaýbergen bilen meşhur “My Way” aýdymyny ýazdy

Dünýä belli tenorlar Plasido Domingo we Hose Karreras, meşhur gazagystanly aýdymçy Dimaş Kudaýbergen we wiolonçel çalýan Stepan Hauzer “Virtuosos” taslamasynyň çäklerinde özboluşly kwarteti emele getirdi. Olar...

31.12.2024 18:02
7.3k+

Wengriýaly suratkeş LEGO-dan doly göwrümli tramwaý ýygnady. Ol 1,8 million bölekden ybarat

Budapeştiň merkezinde LEGO-nyň 1,8 million bölejiginden ýasalan özboluşly tramwaý peýda boldy. 11 metrlik gurluşy wenger suratkeşi Balaž Doçi ýygnady diýip, South China Morning Post habar berýär. Doçiniň sözlerine...