Berdimuhamedow türkmenistanly zenanlardyr gyzlary 8-nji mart bilen gutlady

  • 08.03.2022 08:42
  • 6.7k+

«Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, Zemine bereket, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanly enelerdir gelin-gyzlaryň ählisini ýetip gelen baýramçylyk bilen gutlady.

Türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde, aýratyn hem täze zamanamyzda iň asylly häsiýetleri özlerinde jemlän we maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklaýan gelin-gyzlarymyz akyl-paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda hem-de watansöýüjilikde milli buýsanjymyzdyr diýip, türkmen Lideri öz Gutlagynda: «Giň gerimli özgertmelerimizi, milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, zähmetde we jemgyýetçilik durmuşynda gazanan üstünliklerini, Garaşsyz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşan asylly goşantlaryny nazara alyp, biz zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, telekeçiler we alymlar bolan zenanlarymyzy «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglaýarys. Halkara zenanlar güni mynasybetli bolsa köp çagaly enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly ady dakýarys» diýip, buýsanç bilen belleýär.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......