«Mançester Siti» derbi duşuşygynda «Mançester Ýunaýtedden» üstün çykdy

  • 07.03.2022 08:57
  • 8.6k+

6-njy martda Mançesterde «Etihad» stadionynda Angliýanyň Premýer-ligasynyň 28-nji tapgyr duşuşyklarynyň çäklerinde «Mançester Siti» «Mançester Ýunaýtedi» kabul etdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 4:1 hasap bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 5-nji minudynda «Sitiden» Kewin De Bruýne Bernardu Silwanyň ýardam pasy bilen hasaby açdy. 22-nji minutda «ManÝunaýtedden» Jeýdon Sanço Pol Pogbanyň ýardam pasy bilen hasaby deňledi. 28-nji minutda De Bruýne ikinji goluny geçirdi.
69-njy minutda De Bruýneniň ýardam pasy bilen Riýad Marez toparynyň üçünji goluny geçirdi. Ikinji ýaryma goşulan goşmaça wagtda Marez dubl etdi.

«Mançester Siti» 28 oýunda 69 utuk toplap, APL-iň jedwelinde 1-nji orny eýeleýär. «Mançester Ýunaýted» (47 utuk) 5-nji ýerde.


düýn 17:01
6.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 10:36
4.1k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......