Täjigistanyň we Azerbaýjanyň paýtagtlary doganlaşan şäherler boldy

  • 04.03.2022 18:30
  • 5.6k+

Täjigistanyň we Azerbaýjanyň paýtagtlary doganlaşan şäherler boldy. Bu barada ylalaşyga Azerbaýjanda iş saparynda bolan Täjigistanyň Mejlisiniň ýokarky palatasynyň başlygy, Duşenbe şäheriniň başlygy Rustam Emomali bilen Baku şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Eldar Azizowyň duşuşygynyň ahyrynda gol çekildi diýip, Täjigistanyň Mejlisiniň metbugat merkezi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Habarda söhbetdeşleriň Duşenbe bilen Bakuwyň arasynda köptaraply hyzmatdaşlygy giňeltmäge, söwda-ykdysady, ylmy, medeni we syýahatçylyk işleri üçin şertleri gowulandyrmak boýunça işleri güýçlendirmäge, şeýle-de şäherleriň hojalyk kärhanalarynyň arasynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirendikleri aýdylýar. “Gepleşikleriň ahyrynda Rustam Emomali we Eldar Azizow Duşenbe bilen Bakuwyň arasynda doganlaşan şäherleriň gatnaşyklaryny ýola goýmak barada ylalaşyga gol çekdiler” – diýip, metbugat merkezi belleýär. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde Täjigistanyň we Azerbaýjanyň paýtagtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine we özara gatnaşyklaryň perspektiwalaryna garadylar.

Rustam Emomali penşenbe güni resmi sapar bilen Bakuwa geldi. Iş saparynyň dowamynda ol Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy, olar hyzmatdaşlyk boýunça täjik-azerbaýjan hökümetara komissiýasynyň işi we söwda-ykdysady hem beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen ony giňeltmek barada maslahatlaşdylar.


06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

25.05.2026 07:37
2k+

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

03.05.2026 13:30
1.5k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......