Taýson Fýuri Dillian Uaýt bilen söweşden soň karýerasyny tamamlar

  • 04.03.2022 18:29
  • 9k+

Agyr agramda WBC-niň wersiýasyna görä dünýä çempiony Taýson Fýuri 23-nji aprele meýilleşdirilen Dillian Uaýta garşy söweşden soň karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi. Bu barada mma.metaratings.ru habar berýär.

“Bu meniň karýeramda iň soňky söweş. Şondan soň men pensiýa çykýaryn. Meniň bankda 150 million funt sterlingim bar we men henizem sagdyn, ýaş we owadan. Men superkarlarym we emlägim bilen dünýäni aýlanmak üçin daşary ýurtda uly ýahta satyn almak isleýärin” – diýip, Fýuri Uaýt bilen söweşine bagyşlanan metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Uaýt soňky gezek 2021-nji ýylyň martynda russiýaly Aleksandr Powetkine garşy söweşdi. Bu söweşde britaniýaly söweşiji dördünji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy. 2020-nji ýylyň awgustynda bu boksçylaryň arasynda bolan birinji söweşde Dillian bäşinji raundda nokaut bilen ýeňildi. Onuň hasabynda 28 ýeňiş (18-si nokaut bilen) we iki ýeňliş bar. 

Fýuri soňky gezek ringe geçen ýylyň oktýabr aýynda Las-Wegasda amerikaly Deonteý Uaýldere garşy çykdy. 11-nji raundda saklanan bu söweşde britaniýaly türgen nokaut bilen ýeňiş gazandy.

2018-nji ýylyň dekabr aýynda bu boksçylaryň arasynda geçirilen ilkinji söweş emin agzalarynyň karary bilen deňme-deň tamamlandy. Şondan soň Taýson bilen Deonteý 2020-nji ýylyň fewralynda duşuşdylar. Bu söweş ýedinji raundda tehniki nokaut bilen britaniýaly türgeniň peýdasyna tamamlandy. Fýuriniň hasabynda 31 ýeňiş (22-si nokaut bilen) we bir deňme-deňlik bar.


08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....