ABŞ-da nebitiň strategik ätiýaçlygyny açmagy karar etdiler

  • 02.03.2022 13:37
  • 3.1k+

ABŞ-yň Energetika ministrligi ýurduň strategik ätiýaçlygyndan nebitiň 30 million barrelini aýyrmagy karar etdi. Bu barada TASS habar berýär.

2-nji martda satuw üçin nebitiň goşmaça möçberiniň açylmagy baradaky karar Ukrainanyň töweregindäki ýagdaý bilen baglydyr diýip, ministrlikde düşündiriş berdiler. Bu ädilen ädim bazardaky uly bökdençlikleri aradan aýyrmak, nebitiň üpjünçiligini  deňagramlaşdyrmak, şeýle-de onuň bahasyny aşaklatmak maksady bilen baglydyr diýip görkezildi. ABŞ-yň hem degişli Halkara energetik agentligine girýän agza ýurtlar bilelikde 60 million barreli boşatmak baradaky ylalaşyga geldiler.
Ozal S&P halkara reýting agentligi ýakyn üç ýylyň dowamynda nebitiň bahasy ýokarlanar diýip baha berýär. Brentiň barreli 2022-nji ýylda 75$ bolmagyndan 85$-a galar, 2023-nji ýylda bolsa, 65$-dan 70$- çykar. 2024-nji ýylda barreli 55$ bolmagynda galar.
S&P-de WTI kysymly nebitiň bahasy üstümizdäki ýylda barreli 70$-dan 80$-a çenli gymmatlar, 2023-nji ýylda  — 60$-dan 65$-a galar diýip hasaplaýarlar. 2024-nji ýylda barreliniň bahasy 50$ bolar diýip çaklanylýar.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...