Meşhur rok-topary The Rasmus «Ýewrowideniýe – 2022» aýdym-saz bäsleşiginde Finlýandiýanyň wekili bolup çykyş eder. Bu barada festiwalyň saýtynda habar berilýär diýip, lenta.ru belleýär.
Sazandalar milli saýlama bäsleşiginde ýeňiş gazandylar we indi “Jezebel” aýdymy bilen bäsleşige giderler. Toparyň aýtmagyna görä, olaryň kompozisiýasy “öz ýoluny açýan güýçli, garaşsyz zenanlar üçin niýetlenýär”.
The Rasmus Finlýandiýanyň iş meşhur toparlarynyň biri bolup, ol 30 ýyldan gowrak wagt bäri bar. Olaryň esasy hiti “In the Shadows” Spotify-de akym platformasynyň işläp başlamagyndan birnäçe ýyl öň çykarylandygyna garamazdan, 100 mln gezek diňlenildi. 2003-nji ýylda “In the Shadows” dünýäde iň köp satylýan hitleriň biri boldy. Şondan bäri The Rasmus birnäçe albom çykardy hem-de aýdym-saz pudagynda köp sanly baýraga eýe bolmak bilen, dünýäniň dürli künjeginde konsertleri geçirdi.
“Ýewrowideniýe – 2022” Turinde geçiriler. Italiýa 2021-nji ýylyň maý aýynda Rotterdamda Maneskin rok-topary “Zitti E Buoni” aýdymy bilen ýeňiş gazanandan soň, 2022-nji ýylda “Ýewrowideniýäni” kabul etmek hukugyna eýe boldy.