KHBS: Ýaponiýada Toyota zawodlarynyň işiniň togtadylmagy 13 müň töweregi awtomobiliň çykarylmagyna täsir eder

  • 01.03.2022 22:45
  • 14k+

Sişenbe gününden Ýaponiýada Toyota Motor awtokonserniniň ähli zawodlarynyň we önümçilik liniýalarynyň işiniň togtadylmagy, takmynan, 13 müň awtomobiliň çykarylmagyna täsirini ýetirer. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Häzirki wagtda awtokonsern dikeldiş işlerini dowam etdirýär. Sişenbe güni Toyota-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, önümçilik 2-nji martda gaýtadan dikeldiler.

28-nji fewralda Toyota Ýaponiýadaky ähli 14 zawodynyň we 28 önümçilik liniýasynyň işiniň 1-nji martdan togtadyljakdygyny mälim etdi. Resmi sebäp hökmünde ýerli üpjün edijileriň ulgam işindäki näsazlyklar bellenildi. Şol bir wagtyň özünde, Ýaponiýanyň NHK teleýaýlymynyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, şeýle çözgüt kompaniýanyň iň uly hyzmatdaşlaryna we üpjün edijilerine kiber hüjümler bilen baglanyşykly bolmaly. 


27.02.2026 21:47
5.9k+

Bentley ýapon bazary üçin 10 sany «toý» Bentayga krossowerini çykarar

Bentley markasy diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenen «Something Blue Collection» atly çäkli nusgada Bentayga krossowerlerini tanyşdyrdy. Bu seriýanyň ady XIX asyryň iňlis toý däp-dessurlaryna esaslanýar; oňa görä, gelniň bagtly durmuşy üçin onuň ýanynda gök reňkli bir zadyň bolmagy zerurdyr...

26.02.2026 16:09
3.9k+

Toyota Ýaponiýada RAV4-iň iň kuwwatly nusgasyny hödürledi

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda 2026-njy ýylyň modeli bolan RAV4 krossoweriniň tokdan zarýad alýan gibrid (PHEV) görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täze nusga adaty öz-özüni zarýadlaýan gibridlere alternatiwa bolup hyzmat edýär we modeliniň häzirki hataryndaky iň güýçli wersiýasy bolup durýar...

25.02.2026 06:12
3.8k+

Toyota RAV4-leri adam şekilli robotlar ýygnap başlady

Toyota kompaniýasynyň Kanadadaky zawodynda Agility Robotics tarapyndan işlenip düzülen ýedi sany Digit atly gumanoid (adam şekilli) roboty işe girizildi. Bir ýyllyk synag möhletinden soň, bu robotlar RAV4 krossowerleriniň ýygnalyş prosesine doly goşuldy diýip, TechCrunch neşiri habar berýär...

23.02.2026 13:30
12k+

Toyota-nyň we Lexus-yň eýeleri 8 basgançakly «awtomat» karobkadaky meseleler sebäpli kazyýete arz etdiler

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň federal kazyýetinde Toyota kompaniýasyna garşy nobatdaky köpçülikleýin arza berildi. Bu gezekki şikaýatyň sebäbi - UA80 seriýaly 8 basgançakly awtomatiki geçiriji karobkadyr. Arza berijileriň tassyklamagyna görä, bu transmissiýanyň dizaýnynda iki sany düýpli kemçilik bar...