Apple-iň maýyşgak displeýli ilkinji noutbugynyň anons möhleti belli boldy

  • 27.02.2022 10:09
  • 5.9k+

2021-nji ýylyň dowamynda internetde Apple kompaniýasynyň ilkinji eplenýän smartfony – şertli iPhone Fold barada ençeme gürrüňler boldy. Ýöne, görnüşi ýaly, kompaniýa diňe telefon bilen çäklenmezlik kararyna geldi. Display Supply Chain Consultants-yň meşhur insaýderi we analitigi Ross Ýangyň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa täze MacBook-yň üstünde işleýär. Bu noutbuk diagonaly, takmynan, 20 dýuým bolan maýyşgak displeýe eýe bolar. 

Häzirki wagtda Apple mümkin bolup biljek üpjün edijiler bilen gepleşik geçirýär. IT ägirdiniň dewaýsda 4K-durulygyny amal etmek isleýändigi habar berilýär.
Bu täze önümiň 2025-nji ýylda hödürlenmegine garaşylýar. Kompaniýa ilkinji eplenýän iPhone smartonynyň çykyşyny hem şu möhlete süýşürdi.


30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.9k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...