Bir gün öňýany aşa gymmatlan nebitiň bahasy aşaklamaga başlady

  • 27.02.2022 10:50
  • 11k+

2014-nji ýyldan bäri söwda görkezijilerinde iň ýokary gymmata ýeten nebitiň dünýä bahasy anna güni irden aşaklamaga durdy.

Praýma salgylanýan Trendiň habar berşi ýaly, muňa söwdanyň maglumatlary şaýatlyk edýär.
Brent kysymly nebitiň aprel fýuçersleriniň bahasy 4,6% ýokarlandy, her barreli 101,31 dollara ýetdi, Brendiň maý fýuçersi bolsa 2,32% galyp, 97,63 dollara bardy. WTI-niň aprel fýuçersleriniň bahasy 2,14% göterilip, her barreli 94,81 dollar boldy.
Penşenbede söwda çekeleşikleriniň dowamynda bahalar 9% göterildi. Netijede, aprelde goýberilmeli Brent kysymly nebitiň her barrreline 105 dollardan, WTI-niňkä bolsa 100 dollardan baha kesildi. 2014-nji ýyldan bärini hasaba alsaň, bu - nebitiň iki kysymy üçinem çürbaşy baha.
Wall Street Jounal gazetiniň ýazyşy ýaly, ANZ-nyň seljerijileriniň sözüne görä, Russiýanyň Ukrainada geçirýän ýörite harby hereketleri  onsuzam teklipleriň we ýokary islegleriň çäklendirilmeginden kösenýän bazar babatyndaky howatyrlanmalary hasam güýçlendirdi.
Mundan hem başga, “gara altynyň” bahasynyň galyşynyň haýallamagyna 18-nji fewralda tamamlanan hepdäniň dowamynda ABŞ-da nebitiň kommersiýa ätiýaçlyklarynyň artdyrylmagy sebäp boldy: 4,5 million barrellik, ýa-da 1,1%, 416 million barrele çenli. Seljerijiler diňe 0,4 million barrele ýeter diýip çaklaýardylar.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...