Hytaý lunohody Aýyň garaňky tarapynda aýna şarlaryň bardygyny anyklady

  • 27.02.2022 09:26
  • 6.9k+

Yutu-2 hytaý lunohody Aýyň arka ýüzünde adaty bolmadyk aýna şarlaryň, ýa-da globullaryň bardygyny ýüze çykardy.

Aýda aýnanyň owal hem tapylandygyny bellemek gerek. Alymlar muny geçmişde Aýa meteoritleriň düşmegi ýa-da ondaky wulkanlaryň işjeňligi bilen baglanyşdyrýarlar. Sun Ýatsen Uniwersitetiniň Planetalaryň ekologiýasy we astrobiologiki barlaglar laboratoriýasynyň dosenti doktor Sun Ýatseniň sözlerine görä, tapylan şarjagazlar üýtgeşik eken we olaryň aýnasy öň Aýdan tapylan özboluşly açyk goňur reňkli hem-de dury şarjagazlaryň aýnasyndan tapawutlymyş.

Sun Ýatsen Uniwersitetiniň Planetalaryň ekologiýasy we astrobiologiki barlaglar laboratoriýasynyň dosenti, doktor Çžiýun Sýaow: “Şeýle täsin şarjagazlaryň hut Aýda tapylmagy bizi diýseň haýran galdyrdy” diýip tekrarlaýar.


12.05.2026 07:19
15k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.5k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......