Dalaşgär Kakageldi Saryýew daşoguzly saýlawçylar bilen duşuşdy

  • 26.02.2022 18:15
  • 4.5k+

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgär — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetirýän D.Agajanow ýygnananlary K.Saryýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, onuň guramaçylyk ukybyny, syýasy taýdan sowatlylygyny, giň gözýetimliligini, watansöýüjiligini, ýokary hünär derejesini, ýaşlary terbiýelemek işinde uly tejribesini belledi hem-de ony göwnaçyk adam we oňat hojalykçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, adamlar baradaky aladanyň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň mundan beýläk-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry boljakdygyny nygtady.


23.04.2026 15:50
15k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

21.04.2026 08:00
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......

14.04.2026 14:07
8.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti meýdan we gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan häzirki......

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......