UEFA 2022-nji ýyldaky Çempionlar ligasynyň finalyny Sankt-Peterburgdan Pariže geçirdi

  • 25.02.2022 16:40
  • 11k+

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasynyň finalyny Sankt-Peterburgdan Pariže geçirdi. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär. 

Çempionlar ligasynyň final oýny Parižiň “Stad de Frans” stadionynda geçiriler. Geçirmek baradaky karar UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdan daşary mejlisinde kabul edildi. Ilkibaşda oýun “Zenitiň” öý stadiony bolan “Gazprom-Arenada” geçmelidi.

“UEFA çökgünlik döwründe Ýewropanyň klublaýyn futbolynyň iň abraýly oýnuny Fransiýa geçirmäge şahsy goldawy we ýykgynlylygy üçin Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makrona minnetdarlyk bildirmek isleýär” – diýlip, metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar. 

Şeýle-de, UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti hukuk we fakt ýagdaýyna ösüşine görä baha bermek hem-de zerur bolanda goşmaça karar kabul etmek üçin yzygiderli esasda goşmaça nobatdan daşary mejlisleri çagyrmak üçin garaşar.
“Stad de Frans” taryhda üçünji gezek Çempionlar ligasynyň finalyny kabul eder. Mundan öň, Parižiň bu stadionynda 2000-nji ýylda Ispaniýanyň “Real” we “Walensiýa” klublarynyň, şeýle-de 2006-njy ýylda Ispaniýanyň “Barselona” bilen Angliýanyň “Arsenal” klubunyň final duşuşygy geçirildi. 
Çempionlar ligasynyň finaly 2022-nji ýylyň 28-nji maýynda bolar. 


düýn 19:46
4k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
3k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
1.5k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......

düýn 17:02
3.5k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......