Gurbanguly Berdimuhamedow öz durmuş ýoly barada eser ýazýar

  • 24.02.2022 07:49
  • 17k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen milli senenamasy boýunça bahar paslynyň ilkinji gününde özüniň durmuş ýoly baradaky ýatlamalarynypikir-garaýyşlaryny jemläptäze eseri döretmäge girişdi. Bu barada 24-nji fewralda çap edilen Türkmenistanyň merkezi neşirlerinde maglumat berilýär.

23-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolmagynyň çäklerinde döwlet Baştutanynyň türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri bilen bir hatarda, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten derejesi hem-de özüniň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlary bir ýere jemläp, täze eseri döretmäge girişmegi ýurduň ykbalyna dahylly ýörelgeleriň dowam edýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Bu kitabyň hem ösüşiň täze tapgyry — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berjekdigi ikuçsuzdyr.

Täze eser geçmişiň şu gün bilen, şu günüň geljek bilen baglanyşygyny özünde jemläp, nesillerde halkymyza we ýurdumyza buýsanjy artdyrar.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......